» » Hiçkim - Ümür (16:4)

Hiçkim - Ümür (16:4)

Hiçkim - Ümür (16:4)
  • Слушали 134
  • Размер 10.84 MB
  • Длительность 04:44
  • Качество 320
  • Дата релиза 19.04.2026
  • Исполнитель Hiçkim - Ümür (16:4)
Ümür (16:4)
Hiçkim
Скачать
Слушайте «Hiçkim - Ümür (16:4)» онлайн или скачайте бесплатно в MP3 320 kbps без рекламы и регистрации на MuzLu.

Текст песни

Dokuz aý garaňkyda ulaldym
Ýagta çykardylar ýöne gözler bulanyk
Birinji sapar demim alyşym
Daşymdaky adamlar kim?! Ýok bärde tanyşym

Meni näme üçin elden-ele geçirýäňiz?
Aglamasam meni ýok ýaly eşidýänem
Meni yzyma goýberiň, gaty sowuk bäri
"Ine tanyş bol, seň ejeň, dädeň"

(Arkaýyn bol, wagtymyz kän entek)

Hemme zat täze meniň üçin
Sorag baryn soraýan ýürege düşüp
Däş töweregi güldürýär meniň gülüşim
Haýran galdyrýar emedekläp gelişim

Hemme kişi ýöreýär menem ýörejek
Edeýin ähedem, elimden tut eje!
Menem bir gün ulalaryn mekdebe giderin
Ejem garaşanokdy ikiligime

"Mugallymam gowy däl, öýe äkidäý
Mekdebe-de gitjek däl ony ýigrenýän!"
Beýlekileň çagasy alda-näme diýme
Dostumyň ejesä beýle diýenok

Bedenimem günde üýtgeýär
On alty ýaşymda men eýýäm çaga däl
Goşulmaýyň, dostlarymy özüm saýlaýan
Kakamyň bilýänjesini menemä bilýän

Näme etsem ýene ters size
Islesem saç ýa-da sakgal ösdürerin
Ýaşa erkinligiň üstünde
Men tapawutly, hemmekişi maňa üns berer

Ýokary okuwmy ýa-da göni iş
Gulluga gitmesem näme diýer il?
Garaşarmy maňa söýgülim?
Pulum bolan bolsa dynardymda öýlenip

Menem bir gün ulalaryn gezmäne gideris
Arzuwym, garaşamokdym ikiligine

(Arkaýyn bol, wagtymyz kän entek)

Nädip başgalar gazanýar onça puly
Durmuş adalatly däl bilemok gülüp
Haýsy hakyky dostum bilemok bilip
Iki çaga gerekmi ýa ýetikmi biri?

Eklenjiň başyma düşenine düşünmedim
Näme üçin meniň ýalaklar tomsunada üşemeli
Doňuza daýy diýmekmikä işim meniň
Aýaga galmaga kömek ýok ejemdenem

Hemmekişi ýasaýa menem ýasajak
Ýaşam eýýäm 33 menem ýaşajak
Azasym ýok azaşsamam azajyk
Şu wagt meň wagtym beýlekiler garaşsyn

Howa pulumy seçdim, günümiz geçsin
Alada etme ertir alarys iki esse
Wagtymyzam kän entek kesilmesin kelte
Ähli zady barlajak gitmänkäm bu ýerden

(Arkaýyn bol, wagtymyz kän entek)

Ömrümiň ortasy arkamda galan ýaly
Endik edip başladym ýakyny jaýlamany
Ýaşlyk etdirdi diýip ähli ýalňyşlary
Gijiräk başladym maşgalamy saýlamana

Özüme soradym: "Indi näme?"
Oglum meniň bilýänimi mensiz hem bilýärmiş

Aýna seretdim, özüm tanamadym
Saçlarym çal ýüzümem ýygyrt
Bedenimem juda üýtgeýär
Altmyş ýaşy geçdim men indi juwan däl

"Ölüm daşdamyka?", pikirlendirýär
Namaza başlamasama indi wagtym az
Gymmat sagatlary satyn aldym ýöne
Has gymmat wagty satyn alyp bilemok

Ýatkeşligimem öňki ýaly däl
Bir zady çeýnejek bolsam bölmeli ilki ikä indi
Artykmaç zat gerek däl agtyklarym gelse
Janyma melhem meni sorap jaň etseň

Bugünä beter ýadadym ogul
Ertir jaňlaşarys sag-aman otur

(Arkaýyn bol, wagtymyz kän)

Ençe ýyl garaňkyda ulaldym
Gapydan çykardylar ýöne gözler bulanyk
Birhili üýtgeşik demim alyşym
Meni ýuwan adamlar kim?! Ýok bärde tanyşym

Meni näme üçin elden-ele geçirýäňiz
Gygyrmasam meni ýok ýaly eşidýänem
Meni yzyma goýberiň gaty sowuk bäri
Garaşyp duran eken öňümde ejem, dädem

Похожие песни